«Ýunus» haryt nyşany gowrulan çigitleriň we hozlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär

09:5704.10.2022
0
25736

«Altyn Ýunus» hususy kärhanasy 2016-njy ýyldan başlap Türkmenistanyň ähli ýaşdaky ýaşaýjylarynyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýan günebakar çigitlerini we duzly arahisleri öndürýär. Maryda we Änewde önümçilik sehleriniň açylmagyndan birnäçe wagt geçenden soň duzly we duzsuz kädi çigitleriniň, şeýle hem mekgejöwen däneleriniň we pisseleriň önümçiligi ýola goýuldy.

«Ýunus» haryt nyşanly çigitler we hozlar özüniň ýokary tagamlylygy we ýokumlylygy bilen tapawutlanýarlar, çünki olaryň düzüminde ösümlik belogy, omega-3 ýaly peýdaly ýaglar, şeýle-de kletçatka, birnäçe witaminler we mikroelementler saklanýar. Olar garbanmak üçin ýa-da gündelik kabul edilýän iýmitiň (rasionyň) düzüm bölegi hökmünde maslahat berlip bilner (bellibir mukdardaky hozlar we günebakaryň hem-de kädiniň çigidi ýeterlik derejede kaloriýa saklaýarlar).

Önümçilik ýokary tehnologiýaly enjamlarda önümiň hili dowamly gözegçilikde saklanyp amala aşyrylýar. «Altyn Ýunusyň» önümleri Türkmenistanyň çäklerinden daşarda – Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Azerbaýjanda, Russiýada, Hytaýda, Türkiýede, Owganystanda hem meşhurdyr.

Habarlaşmak üçin:

  • salgysy: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 172-nji jaý;
  • telefonlar: (+993 12) 95 06 04, (+993 12) 95 06 17;
  • sosial ulgamdaky sahypasy;
  • www.yunus.com.tm.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň