Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Kazandaky täze konsuly Minnihanow bilen duşuşdy

18:0203.10.2022
0
38291
Türkmenistanyň Kazandaky täze konsuly Minnihanow bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherindäki täze bellenilen baş konsuly Güýç Garaýew şu gün Tatarstanyň Prezidenti Rustam Minnihanow tarapyndan kabul edildi. Tatarystan Respublikasynyň Hökümet jaýynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, tatar elektron neşirlerinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Minnihanow ýurtlaryň arasynda birnäçe umumy gyzyklanmalaryň bardygyny we Baş konsullygyň işiniň hoşniýetli dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendigini aýtdy. Şeýle hem Kazandaky Türkmenistanyň baş konsulyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Güýç Garaýew şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Astrahandaky baş konsuly wezipesini tamamlady. Ol bu wezipä 2020-nji ýylyň maý aýynda bellenilipdi.

Mundan ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Atadurdy Baýramowyň Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenip, onuň Türkmenistanyň Kazandaky baş konsuly wezipesinden boşadylandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň