Soňky habarlar

Arhiw

«Parahatçylygyň» ýaş çaparlary atly bäsleşigiň ikinji möwsümi başlaýar

15:0501.10.2022
0
27087
«Parahatçylygyň» ýaş çaparlary atly bäsleşigiň ikinji möwsümi başlaýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly bäsleşigiň ikinji möwsüminiň başlanýandygyny habar berdi.

Orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bäsleşigiň düzgünnamasy institutyň resmi saýtynda paýlaşyldy.

Möwsüm dört aýlawdan we finaldan ybarat bolar.

Bu möwsümiň umumy şygary «Dialog — parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» diýlip atlandyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň