Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daşary işler ministri Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

19:0530.09.2022
0
31282

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşdy.
Duşuşygyň başynda R.Meredow Gruziýanyň ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şu ýyl Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygynyň hem bellenilýändigi nygtalyp geçildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
Gepleşigiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda gatnaşyklary berkitmegiň, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwiliniň Aşgabada bolan saparynyň we 2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygynyň ähmiýeti barada nygtaldy.
Duşuşygyň çäklerinde ilçi Konstantin Sabiaşwili Türkmenistanyň daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy we Türkmenistandaky diplomatik işiniň çygrynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň