Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ilkinji klimat ekofestiwaly geçiriler

16:1229.09.2022
0
25712

9-njy oktýabrda Aşgabatda «Planetany bilelikde halas edeliň!» atly ilkinji klimat ekofestiwaly geçiriler. Ol Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan klimat aktiwistleriniň we eko-blogçy Gülnara Taýjanowanyň goldawy bilen guralar.

Daşky gurşawa aýawly çemeleşmäge we ony goramaga bagyşlanan medeni çärä islendik ýaşdaky adam gatnaşyp bilýär. Onuň çäginde dürli gyzykly çäreler, şol sanda ulular we çagalar üçin dürli ekologik çykyşlar, ussatlyk sapaklary, aýdym-sazlar, oýunlar we utuşly bijeler, Gün panelleri boýunça sergi, 3D çap etme usulynyň tanyşdyrylyşy we beýlekiler guralar. Şeýle-de Dewid Attenboronyň daşky gurşawy goramaga bagyşlanan filmi görkeziler.
Festiwala giriş hemmeler üçin açykdyr. Ýöne her kim gaýtadan işlemek üçin bir ulanylan plastik çüýşäni ýany bilen getirmek şerti bilen. Munuň özi simwoliki giriş bileti bolar diýlip, habar berilýär.

Festiwal sagat 15:00-dan 20:00-a çenli Magtymguly şaýolunyň 141/1 jaýynda ýerleşýän «Ak Altyn» myhmanhanasynyň eýwanynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň