Soňky habarlar

Arhiw

«Yizumi» kompaniýasynyň enjamlary gök önümleri we miweleri daşamak üçin gutulary öndürmäge mümkinçilik berýär

14:1329.09.2022
0
22432

Hytaýyň «Yizumi» senagat kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili daýhanlara we ýyladyşhana hojalyklarynyň eýelerine miweleridir gök önümleri saklamak hem-de uzak aralyklara daşamak üçin çözgüt hödürleýär.

Ýokary tehnologiýaly basyş arkaly guýma maşynlarynyň kömegi bilen kompaniýa gök önümleri we miweleri daşamak üçin ýokary hilli we ergonomiki plastik gutulary öndürýär. Önümleri daşamak üçin gutularyň tegelek görnüşleri, ýeňil agramy we amatly ölçegleri «Yizumi» enjamlarynda öndürilen gutulary türkmen oba hojalyk önümleriniň, esasan hem pomidorlaryň eksporty üçin ajaýyp gaplama serişdesine öwürýär.

«Yizumi» kompaniýasy dünýädäki iň iri basyş arkaly guýma usulynda polimer materiallaryndan önümleri öndürmek üçin enjamlary öndürijileriň biridir. Hytaýyň çäkleriniň daşynda eýýäm 8 sany «Yizumi» kärhanasy hereket edýär, kompaniýanyň önümleri köp ýurtda tanalýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • Salgysy: Aşgabat, Aba Annaýew köç., (Ostrowskiý), 30-njy jaý.
  • Telefon belgileri: (+993 64) 32 15 69, (+993 65) 53 61 72.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň