Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmaga gatnaşdy

10:1027.09.2022
0
10532

Türkmenistanyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk güni giňden bellenilýär. Şu mynasybetli irden Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanandan soňra,Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly ýagdaýda binanyň etegine ajaýyp gül çemenini goýdy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr daşary ýurtly myhmanlar, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gül goýmak dabarasyny dowam etdirdiler.

Baş baýramymyzyň şanyna her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen bu waka türkmenistanlylaryň ýokary watansöýüjilik duýgularynyň, iň uly gymmatlyk hasaplanýan döwletimiziň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna sarpanyň aýdyň ýüze çykmasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň