Soňky habarlar

Arhiw

Guwanç Kanaýew Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2022-de toparçadan çykjakdygyna ynanýar

00:0927.09.2022
0
23483
Guwanç Kanaýew Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2022-de toparçadan çykjakdygyna ynanýar

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Guwanç Kanaýew ýygyndynyň Aziýanyň kubogy ― 2022-de öňünde goýan maksatlary barada aýtdy.

Tälimçi Türkmenistanyň yklym ýaryşynyň final tapgyryna 2012-nji ýyldan soň ilkinji gezek gatnaşýandygyna ünsi çekdi. Şeýle hem Guwanç Kanaýew türkmen ýygyndysynyň taryhynda ilkinji gezek ýaryşyň utulan çykdy tapgyryna ýetmäge mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy.

«Biz 10 ýyllap bu ýaryşyň final tapgyryna gatnaşyp bilmedik. Häzir biz bärde. Üç garşydaşymyz bilen hem gyzykly duşuşyklaryň bolmagyna garaşýarys. Biz her bir garşydaşymyz bilen ýokary derejede oýnap, ýaryşyň indiki tapgyryna çykmaga taýýar» diýip, baş tälimçiniň aýdanlaryny AFK-nyň resmi saýty getirdi.

27-nji sentýabrda başlanjak yklym ýaryşynyň 8-nji oktýabrda tamamlanjakdygyny ýatladýarys.

Türkmen ýygyndysy ýaryşyň açylýan gününde ilkinji duşuşygyny Özbegistanyň ýygyndysy bilen geçirer. Bu duşuşyk gündiz sagat 13:00-da başlanar. Guwanç Kanaýewiň şägirtleri 29-njy sentýabrda Bahreýniň, 1-nji oktýabrda Täjigistanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň