Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýaş küştçüler dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýärler

23:5925.09.2022
0
18221

Gruziýanyň şypahana şäherleriniň biri bolan Batumide kadetleriň arasynda geçirilýän küşt boýunça dünýä çempionatynyň 7-nji güni tamamlandy.

Türkmenistanly ýaş küştçüleriň altysy hem öz oýunlaryny ýeňiş bilen jemlediler. Soňra 10 ýaşa çenli küştçüleriň derejesinde Rauf Ýusupow FIDE-niň ussatlygyna dalaşgäriň kadasyny dolduran singapurly garşydaşyny ýeňdi. 12 ýaşa çenli bolan küştçüleriň arasynda bolsa Gurbanmyrat Rüstemow nobatdaky ýeňşine ýetdi. Gurbanmyrat hem singapurly türgeni ýeňlişe sezewar etdi. Zalina Eminowa (8 ýaşa çenli) özbegistanly garşydaşy bilen geçiren ikinji oýnuny ýeňiş bilen tamamlady. Şeýle-de günüň dowamynda nobatdaky çykyşlaryny şowly jemlän türgenlerimiziň hatarynda kanadaly garşydaşyny ýeňen Nurana Söýünowany (10 ýaşa çenli), peruly küştçini ýeňlişe sezewar eden Jahan Rejepowany (12 ýaşa çenli) görkezmek bolar.

Türkmen küştçüleriniň iň gowy netijeleri 7 tapgyrdan soň her biri 4,5 utuk toplan Nurana Söýünowa bilen Jahan Rejepowada galýar. Olar öz ýaş derejeleriniň 100-den gowrak küştçi gyzy özünde jemleýän ýaryş tertibinde öňdäki ýigrimilige girýärler.

Aýnur Isaýewa bilen Zumrat Açilowanyň tälimçiligindäki türkmenistanly çagalaryň ýeňiş üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýandyklaryny bellemelidiris.

27-nji sentýabrda tamamlanjak ýaryşa dünýäniň 69 ýurdundan 800-den gowrak küştçi gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň