Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

14:0026.09.2022
0
30728
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Nyýazlyýew GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň Moskwada geçirilen 95-nji mejlisine gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar GDA ýurtlarynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri hakynda pikir alyşdylar.

Türkmen ilçisiniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde, hususan-da, iýun aýynda geçirilen mejlisde kabul edilen ýüze çykýan meselelere bilelikdäki jogap çäreleriniň Sanawyny durmuşa geçirmek boýunça işleriň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu işiň ilkinji netijeleri mälim edildi diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

«Hyzmatlarda erkin söwda, maýa goýumlaryny döretmek, ulanmak we durmuşa geçirmek baradaky Ylalaşygyň taslamasy» meselesine garaldy. Bu taslamanyň esasy maksady hyzmatlarda we harytlarda erkin söwda zolagynyň işiniň durnukly ösmegini üpjün etmekden, harytlaryňdyr hyzmatlaryň akymyny kesgitleýän maýa goýum işjeňligi üçin şertleri liberallaşdyrmakdan ybaratdyr.

Duşuşygyň dowamynda sanitariýa-epidemiologik häsiýetli jemgyýetçilik saglygyny goraýyş pudagynda ýüze çykýan adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça GDA agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň taslamasy tassyklanyldy.

GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň indiki mejlisi şu ýylyň 9-njy dekabrynda Moskwada geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň