Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň estafetalaýyn ylgamak boýunça zenanlar ýygyndysy Merkezi Aziýanyň açyk çempionatynda kümüş medal eýeledi

23:5024.09.2022
0
8501
Türkmenistanyň estafetalaýyn ylgamak boýunça zenanlar ýygyndysy Merkezi Aziýanyň açyk çempionatynda kümüş medal eýeledi

Samarkant şäherinde geçirilýän ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynda Türkmenistanyň 4×100 metr aralyga estafetalaýyn ylgamak boýunça zenanlar ýygyndysy kümüş medala mynasyp boldy.

Biziň ildeşlerimiz bellenen aralygy 49,23 sekuntda geçdiler. 48,41 sekuntlyk netije görkezen özbek ýygyndysy bolsa altyn medala mynasyp boldy.

Erkekleriň arasyndaky ýaryşda türkmen türgenleriniň 42,70 sekuntlyk netije bilen ikinji orny eýeländigini ýatladýarys.

Ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatyna Samarkant şäherinde 24-nji sentýabrda badalga berildi. Onuň çäklerinde ýeňil atletikanyň 41 görnüşi boýunça medallaryň 56 toplumy ugrunda ýaryşlar geçirilýär. Şäher bu ýaryşy taryhynda ilkinji gezek kabul edýär. Ýaryşa gatnaşmak üçin Özbegistana dünýä döwletlerinden 300-den gowrak türgen ýygnandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň