Soňky habarlar

Arhiw

Paşinýan Serdar Berdimuhamedowy Ermenistana sapar bilen çagyrýar

08:0426.09.2022
0
13360

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýandan hem-de bu ýurduň Premýer-ministri Nikol Paşinýandan Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy. Şu günki «Türkmenistan» gazetinde beýan edilişi ýaly, dostlukly ýurduň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlary bilen türkmen döwletiniň Baştutanyny doglan güni mynasybetli mähirli gutlaýarlar.

«Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga, hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigimizi nygtamak isleýärin hem-de Siziň üçin islendik amatly wagtda Ermenistana gelip görmek baradaky çakylygy ýene-de bir gezek tassyklaýaryn» diýip, Premýer-ministr Nikol Paşinýan öz hatynda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň