Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýaş maşgalalara berilýän karzyň möçberi 20 müň manada çenli ýokarlandy

10:0724.09.2022
0
39277

Türkmenistanda resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara indi ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhletli 20 müň manada çenli karz berler. Degişli Karara Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhammedow Döwlet Maslahatynda gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet tarapyndan berilýän möhüm goldaw ýaşlaryň mukaddes maşgala ojaklaryny berkitmäge hem-de olaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşar diýip belledi. Resminama bu ugurdaky işleriň ýagdaýyna geçirilen seljermelere laýyklykda, ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň her ýyl yzygiderli artdyrylýandygy göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy.

Mundan ozal täze durmuş guran ýaş maşgalalara ýeňilleşdirilen karzlar 3 ýyl möhletli, 1 göterim bilen 6 müň manada çenli berilýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň