Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýaş çatynjalar üçin karzy nireden alyp bolýar

0
58338

Ýurdumyzyň banklary tarapyndan pul-karz syýasatyny ösdürmek, raýatlara hödürlenýän hyzmatlary artdyrmak, karzlaryň görnüşlerini köpeltmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Banklar tarapyndan ýaş çatynjalara birnäçe ýyllaryň dowamynda ýeňillikli karzlar hödürlenýär. Bu görnüşli karzlaryň esasy maksady ýaşlara durmuş guranda döwletimiz tarapyndan öý goşlaryny, hojalyk harytlaryny satyn almaga  ýardam bermek bolup durýar.

Ýaş çatynjalara ýeňillikli karzlar 3 ýyla möhlet bilen, 6000 manada çenli, 1% derejede berilýär.

Şu makalanyň üsti bilen, ýaş çatynjalar üçin karzy haýsy banklardan alyp bolýandygy barada maglumaty Siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.

Maglumatlar banklaryň resmi web-saýtlary esasynda taýýarlandy.

Şu günki günde ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karzlary hödürleýän banklar:

1. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky:

Karzyň atlandyrylyşy: “Bagtly maşgala” karzy. Şu salgyda karzy resmileşdirmek üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşyp bilersiňiz: https://www.tfeb.gov.tm/index.php/featured-articles-tm/happy-family-credit

2. Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky:

Karzyň atlandyrylyşy: Durmuş gurýan ýaş maşgalalara öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin. Içgin tanyşmak üçin salgysy: https://www.tbbank.gov.tm/tm/private-tm/lending

3. Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky:

Karzyň atlandyrylyşy: Ýaş maşgalalara öý-goş satyn almak üçin karz. Goşmaça maglumatlar şu salgyda: https://www.dayhanbank.gov.tm/loans/1

4. Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky:

Karzyň atlandyrylyşy: Ýaş maşgalalar üçin karzy. Maglumatlar şu salgyda: https://www.halkbank.gov.tm/credits

5. “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky:

Karzyň atlandyrylyşy: Ýaş çatynjalara ýeňillikli karz. Zerur resminamalaryň sanawy şu salgyda:
https://senagatbank.com.tm/tm/private-person/sarp-edis-maksatlary-ucin-karzlar

6. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky:
Karzyň atlandyrylyşy: Ýaş çatynjalara ýeňillikli karzy. Maglumat: https://www.turkmenturkbank.com.tm/tk/the-soft-loan-for-new-weds

Bellik: resmi web-saýtlarynda şu görnüşli karzlar boýunça maglumat berilmedik banklardan telefon üsti bilen bu barada jaň edip gyzyklanyp bilersiňiz.

Şeýle hem, häzirki wagtda ýurdumyzyň banklarynyň web-saýtlary arkaly karzlary resmileşdirmek boýunça onlaýn görnüşde ýüz tutup bolýandygyny ýatlatmak isleýäris. Onlaýn görnüşde ýüz tutma – hem siziň, hem bank işgärleriniň wagtyny tygşytlar, tiz we amatly bolar. Bu barada biz şu makalamyzda ýazypdyk.

Eýsem, indiki makalalarymyzda banklaryň haýsy hyzmatlary barada ýazalyň? Karzlaryň nähili görnüşleri barada aýdyp geçeliň? Biziň elektron poçtamyza ýazyň, biz hem öz gezegimizde täze we gyzykly makalalarymyzy siz bilen paýlaşaly.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar