Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi

12:2823.09.2022
0
41454

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatdaky Ruhyýet köşgünde Garaşsyzlygyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşyndan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow käbir resminamalara gol çekdi.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, hususan-da, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli, iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekip, günäsi geçilen adamlary ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmek, olary iş bilen üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.

Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdy ösdürmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup, zähmetde has tapawutlanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda degişli Permanlara gol çekdi. Arakesmeden soňra Prezident döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlaryň birnäçesine sylaglaryny gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň