Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA ýurtlarynyň serhet gulluklarynyň iş maslahatyna gatnaşdylar

21:4821.09.2022
0
22367

20-nji sentýabrda Belarusyň Brest şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň serhet gulluklarynyň wezipeli işgärleriniň serhet goragyny guramak boýunça iş maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. GDA agza ýurtlaryň daşarky serhetlerinde bikanun hereketlere garşy göreşiň görnüşlerini we usullaryny kämilleşdirmek bu duşuşygyň esasy mowzugy boldy. Bu barada Belarusyň Döwlet serhet gullugyna salgylanyp, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň web sahypasynda habar berildi.

Duşuşykda geosyýasy ýagdaýyň GDA agza ýurtlaryň serhediň dürli ýerlerinde bikanun hereketlere garşy göreş ugrundaky tagallalarynyň birleşmegini şertlendirýändigi bellenildi. Ara alyp maslahatlaşmalara Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Serhet goşunlarynyň serkerdeler

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň