Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana iş sapary tamamlandy

21:4516.09.2022
0
29359

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iki günlük iş sapary tamamlandy.

Resmi özbek internet neşirleriniň bellemegine görä, şu gün günüň ikinji ýarymynda Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinden Türkmenistana ugrady.

Ozal habar berşimiz ýaly, Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäginde ŞHG-niň sammitinde maksatnamalaýyn çykyş etdi hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň