Futzal boýunça geçiriljek Aziýa Kubogy – 2022-niň final tapgyryna taýýarlygynyň çäginde Baku şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň milli ýygyndysy ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.
Baku şäherindäki «Olimpik Star» sport toplumynda geçirilen duşuşykda ýygyndy toparymyz ýerli «Baku Fire» toparynyň 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Türkmen ýygyndysyna ýeňiş getiren ýeke-täk topy Gylyçmyrat Gylyçmyradow öz adyna ýazdyrdy.
Türkmenistanly futzalçylar okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda ýene-de iki sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.
Guwanç Kanaýewiň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler toparynyň geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna hem-de Aziýa Kubogy-2022-niň final tapgyrynda çykyş etmek üçin Naýbaşy futzal ligasynda çykyş edýän futzalçylaryň 14-sini (2 derwezeçi, 12 oýunçy) çagyrandygyny bellemek gerek – Meretgeldi Baýramow (derwezeçi), Şiri Baýramdurdyýew, Kadyr Berenow, Gylyçmyrat Gylyçmyradow, Allamyrat Gurbanow, Danil Pançenko, Maksat Soltanow (hemmesi «Deňizçi»), Berdimyrat Sapardurdyýew (derwezeçi), Mülkaman Annagulyýew, Kerwen Annaorazow, Watan Ataýew, Maksat Myradow, Gurbangeldi Sähedow (hemmesi «Köpetdag»), Röwşen Orazmuhammedow («Gümrükçi»).
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy okuw-tügenleşigi tamamlanandan soň, 23-nji sentýabrda yklym ýaryşynyň geçirilýän ýeri bolan Kuweýte döwletine ugur alar.
Ýygyndy 27-nji sentýabr bilen 8-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogy ― 2022-niň final tapgyrynda «B» toparçada çykyş eder.