Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary BAE-de birnäçe duşuşyklary geçirdi

20:1814.09.2022
0
18296
12-16-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda bolýar.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, 2022-nji ýylyň 12 — 14-nji sentýabry aralygynda BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui, Abu-Dabi portunyň Baş ýerine ýetiriji direktory we dolandyryjysy Saif Muhammet Juma Al Şamisi, Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň Baş direktory Saif Al Suwaidi, «Masdar» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Muhammet Jamil Al Ramahi hem-de BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýeg bilen gepleşikler geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler diýlip, DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Degişli maglumatlaryň taýýarlanylmagynyň zerurdygyny nygtap, taraplar 2022-nji ýylda Abu-Dabide meýilleşdirilýän Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy bilen bagly meselelere jikme-jik seredildi. Döwlet we hususy düzümleriň arasynda hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine, maýa goýum ýagdaýynyň kämilleşdirilmegine iki ýurduň gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Türkmenistan bilen BAE-niň ulag ulgamyndaky mümkinçilikleriniň ösdürilmegi boýunça pikir alşyldy. Hususan-da, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek üçin deňiz, demirýol we howa ulaglarynyň, şol sanda port infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini ulanmak barada gürrüň edildi.
BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginde Döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýeg bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Prezident Muhammad bin Zaýed Al Nahaýýanyň çakylygy boýunça BAE meýilleşdirilýän resmi saparyny guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu saparyň dowamynda gol çekilmegi göz öňünde tutulýan resminamalaryň toplumyna seredilip geçildi.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary dowam etdirilip, onuň dowamynda minitrliklerde we pudak edaralarynda birnäçe duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň