Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Merw» Mary derbisinde «Energetigi» kiçi hasap bilen ýeňdi

21:2613.09.2022
0
22245

Ýokary liganyň şu möwsümindäki ikinji Mary derbisi 9-njy tapgyryň çäginde geçirildi. Mary şäherindäki Sport toplumynda geçirilen duşuşykda «Merw» «Energetigi» 1:0 hasabynda ýeňdi.

«Energetik» üçin duşuşykdaky ikinji bir şowsuzlyk oýny doly düzümde tamamlap bilmezlik boldy. Gödek hereketleri üçin emin 75-nji minutda Aşyr Jumadurdyýewi oýundan çykardy.

Ýeri gelende aýtsak, «Merwiň» ýeke-täk pökgüsini 89-njy minutda Alibek Abdyrahmanow geçirdi.

Bu ýeňişden soňra utugyny 16-a çykaran «Merw» ýaryş tertibiniň üçünji basgançagyndaky ýerini gorady. 9 duşuşykda 7 utuk toplap bilen «Energetik» bolsa altynjy orunda galdy.

17-nji sentýabrda «Energetik» «Ahaly» kabul eder, şol gün «Merw» «Aşgabadyň» myhmany bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň