Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen eminleri Aziýanyň kubogy - 2023-iň saýlama tapgyrynda Nepal - Katar duşuşygyny alyp bardylar

12:4813.09.2022
0
25698

Türkmenistanly eminler topary Aziýa Kubogy-2023-iň (U20) saýlama tapgyrynyň çäginde Nepalyň hem-de Kataryň ýaşlar ýygyndylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda eminlik etdiler. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi.

Bu duşuşykda türkmenistanly FIFA-nyň emini Çarymyrat Gurbanow baş eminiň wezipesini ýerine ýetirdi. Ildeşlerimiz FIFA-nyň kömekçi eminleri Ahmet Begnazarow bilen Pälwan Pälwanow bolsa gapdal emin hökmünde duşuşyga gatnaşdylar. Duşuşygyň ätiýaçdaky eminiň wezipesini iordaniýaly Mohammad Arafah ýerine ýetirdi.

13-nji sentýabrda Bahreýniň Arad şäherinde geçirilen duşuşykda Kataryň ýygyndy toparynyň garşydaşyndan 3:1 hasabynda üstün çykandygyny bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň