Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian adalaryny jogapsyz 7 pökgi bilen ýeňdi

11:5111.09.2022
0
42903

Ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysy Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama tapgyryndaky birinji duşuşygyny Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndy topary bilen geçirildi.

Amman şäheriniň «Petra» stadionynda geçirilen duşuşyk 7:0 hasabynda ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy. Ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Daýanç Meredow (17, 19), Süleýman Mirzoýew (31, 90), Arslan Saparow (45+1) hem-de Söhbet Durdyýew (77, 82) geçirdi.

Ýaşlar ýygyndymyzyň nobatdaky garşydaşy Iordaniýanyň ýygyndy topary bolar. Bu duşuşyk 12-nji sentýabrda Amman şäheriniň «Petr» stadionynda geçiriler. Bu barada TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.

Ýeri gelende bellesek, ýygyndy toparymyz ýaşlar ýygyndylarynyň (U20) gatnaşmagynda 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder.

Geçirilen bije çekişlikde «D» toparça düşen ýaşlar ýygyndymyzyň garşydaşlary Iordaniýanyň, Hytaý Taýpeýiniň, Siriýanyň hem-de Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndy toparlary bolar. Saýlama tapgyryň duşuşyklary şu ýylyň 10 — 18-nji sentýabry aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýanyň Amman şäherinde geçiriler.

2023-nji ýylyň mart aýynda Özbegistanda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda saýlama tapgyryň 10-synyň ýeňijileri bilen birlikde ikinji orny eýelänleriň 5-si çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy ýaryşa ýer eýesi hökmünde gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň