Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

21:4610.09.2022
0
26431

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparynyň dowamynda welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşyk işleriniň barşy, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy hem-de täze guruljak binalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany, ilki bilen, merkeziň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň taslamalaryny synlady. Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow bu ýerde alnyp barylýan işleri ýagdaýy hem-de görkezilýän taslamalaryň aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowa bu ýerde gurulýan muzeýiň, drama teatrynyň, başlangyç hünär okuw mekdebiniň, orta hünär okuw mekdebiniň, sport merkeziniň, köpugurly sport toplumynyň, 10 müň orunlyk stadionyň taslamalary görkezildi. Şeýle-de merkeziň çäginde gurulýan mekdeplerde oturdylmagy meýilleşdirilýän täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutany görkezilen taslamalary synlap, olaryň her biriniň özboluşly aýratynlyklarynyň bolmalydygyna ünsi çekdi hem-de birnäçe tekliplerini aýdyp, degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow merkeziň çäginde gurulýan Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasy bilen tanyşdy hem-de gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişinden edilýän talaplar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň