«Roza Gül» salonlar zynjyry sargyt edijiniň isleglerini, dabara pursatlaryny we döredijilikli pikirlerini göz öňünde tutup, ter güllerden hususy bezeg eserlerini döretmek hyzmatyny hödürleýär.
Gülçüler ýörite gapda gülleri ýerleşdirmek üçin belli bir usuly ulanýarlar. Gül çemeni sebetde, gutuda, aýna güldanda, ýörite gül tutawajynda we beýleki atributlarda ýerleşdirilip bilner.
Ilki bilen, «Roza Gülüň» gülçüleri belli bir pikiri öňe sürýärler, taslamanyň görnüşini, ululygyny, reňk sazlaşygyny saýlaýarlar; soňra saýlanan taslama laýyklykda, ähli zat bitewi ulgama birleşdirilýär we hakyky sungat eseri döredilýär – doglan gün üçin ajaýyp sowgat, toý ýa-da ýubileý dabarasy üçin baý bezeg görnüşleri.
«Roza Gül» dükanlarynyň tejribeli hünärmenleri bezegiň sazlaşykly we özüne çekiji görünmegi üçin gülleri öwüşginleri we reňkleriniň gapma-garşylykly baglanyşygy boýunça saýlaýarlar.
Täze güllerden ýasalan gül bezegleri dürli görnüşli ösümliklerden: adaty bägüller, gwozdikalar, hrizantemalar; we alstroemeriýalar, anemonlar, gerberalar ýaly ekzotik ösümliklerden hem döredilip bilner.
Sargyt edijiniň islegine laýyklykda, «Roza Gülüň» gülçüleri gül çemenleriniň özboluşlylygyny açyp görkezmek bilen, olary eseriň umumy sazlaşygyny emele getirmäge kömek edýän bezeg otlary bilen hem dolduryp bilerler.
Ajaýyp gül sebedini satyn almak ýa-da ajaýyp gül bezegini sargyt etmek üçin «Roza Gül» dükanlar zynjyrynyň aragatnaşyk maglumatlary arkaly tutuş Türkmenistan boýunça mugt eltip bermek hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz:
- Azady köç., 83-nji jaý, telefon: (+993 12) 92 47 82, (+993 63) 01 01 06;
- Magtymguly köç., 185-nji jaý, telefon: (+993 12) 34 35 55;
- Görogly köç., («Syýahat» myhmanhanasy), telefon: (+993 12) 34 44 33, (+993 63) 01 01 06;
- Azady köç., 85-nji jaý, telefon: (+993 12) 93 27 42 (otag we köçe gülleri).
Şeýle-de okaň:
- «Roza Gül» Türkmenistanda geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň gül bezegi hyzmatyny hödürleýär
- «Roza Gül» öýde göwnejaý gurşawy döretjek otag ösümliklerini hödürleýär
- «Roza Gül» Türkmenistanyň ähli ýerine eltip bermek hyzmaty bilen islegiňize görä gül çemenlerini hödürleýär
- «Roza Gül» dükanynyň işgärleri ýatdan çykmajak sowgatly gülleri eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýärler
- Aşgabatdaky «Roza Gül» dükanlarynda gülleriň we bezeg ösümlikleriniň köp dürli görnüşleri hödürlenýär