Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Roza Gül» dükanlarynda gülleriň we bezeg ösümlikleriniň köp dürli görnüşleri hödürlenýär

09:0906.08.2022
0
22196

Aşgabatda ýerleşýän «Roza Gül» dükanlary müşderilerine ajaýyp gülleriň, şeýle-de öýleriň we howlularyň bezeginde ulanylýan ösümlikleriň dürli görnüşlerini ýetirýär. Täsin güllerden boglan gül çemenleri hem-de bägül, liliýa, pion, eustoma, hrizantema, alstromeriýa, lewkoý, kall, liatris, freziýa ýaly güllerden taýýarlan bezeglik gül toplumlary islendik dabara bezeg berýär we öý gurşawynda täsin özboluşlylygy döredýär.

Aşgabat şäheriniň çäginde «Roza Gülüň» dört sany dükany bardyr. Bu ýerde tejribeli hünärmenler floristikanyň döwrebap tendensiýalaryny içgin öwrenmek bilen, bu ýörelgeleri gül bezeglerinde we owadan gül ekspozisiýalarynda ulanýarlar.

Dükandan durmuşa çykýan gyz üçin gül çemenini, baýramçylyk güllerini we doglan gün üçin gül sebedini, oturlyşyklaryň uly gül bezeglerini, şeýle-de gül aksessuarlaryny sargyt etmek üçin «Roza Gül» dükanlarynyň şu salgylaryna ýüz tutmak bolýar:

  • Azady köçesi, 83-nji jaý. Telefon belgisi: (+993 12) 92 47 82;
  • Magtymguly şaýoly, 185-nji jaý. Telefon belgisi: (+993 12) 34 35 55;
  • Görogly köçesi («Syýahat» myhmanhanasy). Telefon belgileri: (+993 12) 34 44 33, (+993 63) 01 01 06.

Öýlerde kiçijik bag şekilli ösümliklerden özboluşly bagy döretmek we oňa ideg etmek her bir güli halaýan adamyň aýratyn islegi bolsa gerek. Bu hili kiçijik ösümlikler diňe bir öý gurşawynyň howasyny tämizlemän, eýsem, ajaýyp interýer bezegini emele getirýär.

Azady köçesiniň 85-nji jaýynda ýerleşýän «Roza Gül» dükany, telefon belgisi: (+993 12) 93 27 42 otaglary we köçeleri bezemek üçin uly owadan ýaprakly fikus anturium (gara şazada), täsirli tropik ösümlik bolan drasena, ajaýyp miweli giperikum, ekzotik palma agajy ýaly ösümlikleri we gülleri müşderilere hödürleýär.

Şunuň bilen birlikde «Roza Gül» dükanynyň sargytlar esasynda Aşgabat şäheriniň islendik ýerine — öý salgylaryna, ofislere ýa-da arzada görkezilen ýagdaýynda islendik ýere tölegsiz eltip berme hyzmatyny ýerine ýetirýändigini bellemek gerek. Mundan başga-da, zerur bolan ýagdaýynda güller ter ýagdaýynda Türkmenistanyň islendik ýerlerine eltilip berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň