Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Roza Gül» öýde göwnejaý gurşawy döretjek otag ösümliklerini hödürleýär

11:0326.08.2022
0
19211

Otaglarda ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikler hem-de güller ýaşaýyş jaýlarynyň we ofisleriň interýerinde peýdalanylýan örän jaýdar çözgütdir. Bu hili gülleri, şol sanda ekzotik otag ösümliklerini bolsa «Roza Gül» dükany alyjylara dürli görnüşlerde ýetirýär.

«Bezeglik otag ösümlikleri bilen islegiňe görä bezegi döredip bolýar, şeýle-de olaryň kömegi bilen öý gurşawyny aýry-aýry böleklere bölüp, interýeriň tüýs göwnemakul täsirliligini açyp bolýar. Mundan başga-da, tebigaty alamatlandyrýan bu ösümlikler töweregi kislorod bilen üpjün edip, saglyga hem täsirli peýdasyny ýetirýär» – diýip, «Roza Gülüň» hünärmeni gürrüň berýär.

«Roza Gülüň» tejribeli hünärmenleri dürli maksatlar üçin gülleri saýlamaga, şeýle-de olara ýerlikli ideg etmegi maslahat berýärler. Bu babatda dükanyň hünärmenleri gül saýlamakda şu hili aýratynlyklara üns bermegi belleýärler:

  • Saýawan şekilli ýapraklary bolan Şeffler atmosferany toksinlerden goraýar;
  • Aglaonema ykjam we owadan görnüşi bilen tapawutlanyp, onuň aýlaw şekilli ýapraklary gara gurşawda açyk ýaşyl we gülgüne nagyşlar bilen bezelendir;
  • Pul bagjagazy, has takygy zamiokulkas — köp gül ýetişdirýänleriň iň halaýan gülleriniň biri;
  • Ehinopsis — bular kiçijik görnüşli kaktuslardyr. Olaryň ady grek dilindäki «ehino — kirpi» sözünden gelip çykyp, tiz ösýär, gülleýär hem-de olaryň aýry-aýry nusgalary 2 metre çenli ýetýär;
  • Aýnanyň öňünde goýulýan tropiki palma (drasena) ýaşyl aşaklygyna syrygyp duran açyk ýaşyl öwüşginli ýapraklary bilen (boýy 30-90 santimetre ýetýär) gurşawda göwnejaý oňaýlylygy döredýär;
  • Ýalpyldawuk deri bilen örtülen ajaýyp agaç. Ol beýikligi 3 metre çenli ýetýän bezeg ýaprakly ösümlikdir. Benjaminiň fikusy adyna eýe bolan bu ösümlik dürli işewürlik jaýlarynyň we ofisleri bezemekde giňden ulanylýar.

Otaglarda ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen bezeg gülleri we daşary howlularda ýetişdirilýän gülleriň islendik görnüşini şu salgyda ýerleşýän «Roza Gül» dükanyndan satyn alyp ýa-da Aşgabat şäheriniň islendik ýerine sargyt edip bolýar: Azady köçesi, 85-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 12) 93 27 42. Dükandan sargyt esasynda Türkmenistanyň ähli ýerlerine gülleri eltip berme hyzmaty bilen alyp bolýandygyny hem ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň