Soňky habarlar

Arhiw

«Roza Gül» Türkmenistanyň ähli ýerine eltip bermek hyzmaty bilen islegiňize görä gül çemenlerini hödürleýär

12:1720.08.2022
0
37217

Ter gül çemenleri – islendik dabaranyň esasy bezegleriniň biridir. Gül sowgat bermek ýa-da jaýyň içini gül bilen bezemek däbi adamlaryň aňynda berk ornaşandyr.

«Roza Gül» gül dükanlarynyň tory sargyt edijiniň islegine görä gaýtalanmajak hususy gül çemenlerini taýýarlamak hyzmatyny hödürleýär.

«Roza Gül» dükanlarynda çemendäki gülleriň ululygyny we reňk sazlaşygyny, şeýle hem görnüşini we sortyny özbaşdak saýlamak mümkindir, bu işi tejribeli gülçülere ynanmak hem bolar.

Özboluşly gül çemeniniň ýany bilen şokolad, miweler, kofe, ýumşak oýnawaçlar we başga-da sowgatlyklary hem alyp bilersiňiz.

Çemeniň bezeginiň ýokary derejede bolmagy üçin «Roza Gülüň» gülçüleri dürli reňkli atlas lentalary, owadan örtgi kagyzyny, sebetleri, gutujyklary, güldanlary, sandyklary, çemen tutawaçlaryny we beýleki bezeg önümlerini ulanýarlar, bu bolsa çemene sazlaşyk we ýaraşyk berýär.

Ýakynlaryňyzy begendirmek üçin sebäpler kän, öz duýgularyňyzy we garaýyşlaryňyzy bolsa güller bilen aňlatmak iň gowusydyr. Gül çemeni hiç wagt öz ähmiýetini ýitirmeýän sowgatdyr.

Mundan başga-da, «Roza Gül» gül dükanlarynyň özboluşly we gaýtalanmajak gül çemenlerini Türkmenistanyň ähli ýerine eltip bermek hyzmaty boýunça sargyt edip bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • Azady köç., 83-nji jaý, telefon: (+993 12) 92 47 82, (+993 63) 01 01 06;
  • Magtymguly köç., 185-nji jaý, telefon: (+993 12) 34 35 55;
  • Görogly köç., («Syýahat» myhmanhanasy), telefon: (+993 12) 34 44 33, (+993 63) 01 01 06;
  • Azady köç., 85-nji jaý, telefon: (+993 12) 93 27 42 (otag we köçe gülleri).

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň