Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylaryny çalyşdy

21:4709.09.2022
0
18940
Serdar Berdimuhamedow Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylaryny çalyşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, Güýzgeldi Baýjanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanynyň gol çeken Permanyna laýyklykda, bu wezipä Durdy Meýmanowiç Genjiýew bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Kararlary bilen, Sedekow Joşmyrat Aşyrmyradowiç hem-de Mämmedow Döwletmyrat Saparowiç, özlerine ynanylan wezipäni oňarmandyklary üçin, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinden boşadyldy.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken Karary esasynda, Serdar Orazmyradowiç Ataýew Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Şeýle-de degişli Karar esasynda, Yklym Bäşimmyradowiç Hojagulyýew Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň