Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi

21:3708.09.2022
0
10885
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barlan işleriň netijeleri seljerildi, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler kesgitlenilip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri barada hasabatlary berdiler. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew milli goşunyň harby bölümlerinde ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň netijeleri, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň goranmak ukybyny pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle-de ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, işgärler kuwwatyny berkitmek, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleri döretmek boýunça görülýän çäreler, şanly sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hasabatyň barşynda ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary we ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine giriş synaglarynyň üstünlikli geçirilendigi barada-da habar berildi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, üstünlikli durmuşa geçirilýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň ýurtda parahat we asuda durmuşyň ygtybarly kepilidigini belledi.

Mejlisde Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky Karara hem gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň