Soňky habarlar

Arhiw

Daşary ýurtly sürüjiler harytlary Türkmenistanyň üsti bilen geçirmäge rugsat aldylar

17:3408.09.2022
0
22022

Ýük awtoulag serişdeleriniň sürüjisi bilen bilelikde halkara gatnawlaryny amala aşyrmagyna rugsat berildi. Ýük gatnawlary amala aşyrylanda olaryň sürüjileriniň bildirilýän talaplary doly ýerine ýetirmekleri şert hökmünde kesgitlenilýär.

Täze çözgüdiň ýola goýulmagy netijesinde «Türkmenbaşy Halkara deňiz porty» gözegçilik-geçiriş ýerinden türkmen awtoulag serişdeleriniň sürüjisi bilen bilelikde Türkmenistanyň çäginden gitmeklerine we gelmeklerine, degişli gözegçilik-geçiriş ýerinden daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň sürüjileri bilen bilelikde Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmeklerine ygtyýar bermek nazarda tutulýar. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Mundan başga-da, daşary ýurt döwletleriniň awtoulag serişdeleriniň sürüjileri bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän «Türkmenbaşy halkara deňiz porty», «Altyn asyr», «Artyk», «Sarahs» we «Farap» gözegçilik-geçiriş ýerlerinden Türkmenistanyň çägine girip, bu ýerlerdäki ilkinji demir ýol howlularyna ýa-da stansiýalaryna we Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna çenli gelip ýükleri tabşyrmaklaryna we alyp gitmeklerine rugsat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň