Aşgabatda pasportlaryň we beýleki resminamalaryň hakykylygyny kesgitlemäge bagyşlanan maslahat geçirildi

16:5808.09.2022
0
24421

Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa sebitleýin wekilhanasynyň guramagynda sebit ýurtlary üçin maksatnamasynyň çäklerinde «Pasportlaryň we beýleki şahsyýeti tassyklaýan resminamalaryň hakykylygyny kesgitlemek» atly okuw maslahaty geçirildi.

5 — 7-nji sentýabr aralygynda Aşgabadyň «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilen maslahata ýurduň degişli döwlet edaralary bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri we bu ugur boýunça halkara, milli hünärmenler gatnaşdylar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.

Maslahatda pasport barlaglarynyň we beýleki şahsyýeti tassyklaýan resminamalaryň hakykylygyny kesgitlemek babatynda öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň