Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

21:4905.09.2022
0
16778
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler we möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Welaýatlaryň häkimleri şu günler ýurduň sebitlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişiniň guramaçylykly alnyp barlyşy, şeýle-de pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk barada hasabatlary berdiler. Güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine edilýän ideg işleri barada hem aýdyldy. Hasabatlarda ýurduň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem habar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleri, bu ugurda haýal-ýagallyga ýol bermezlik, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralary ýokary derejede guramak babatda häkimlere anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Wise-premýer A.Ýazmyradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde 7-nji sentýabrda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda, 14-nji sentýabrda bolsa Daşoguz welaýatynda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna girişilmegi bilen bagly «ak kerwen» dabaralarynyň geçiriljekdigi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde pagta ýygymy möwsüminde ýurt boýunça işlediljek kombaýnlaryň 1600-siniň, pagta daşamakda ulanyljak ulaglaryň 7800-siniň, 39 sany pagta arassalaýjy kärhananyň, 158 sany pagta kabul ediş harmanhanasynyň ýygym möwsümine doly taýýar edilendigi barada habar berildi. Wise-premýer hasabatynda welaýatlarda güýzlük bugdaý ekişiniň depginleri, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly, Balkan we Mary welaýatlarynda bolsa gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleriniň ýokary derejede alnyp barlyşy, ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş suwy bilen üpjün edilişi barada-da aýtdy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işleri, bu ugurda öňde durýan wezipeler, sebitlerde baýramçylyk dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglylykda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň