TÝL ― 2022: «Ahal» Balkanabatda «Nebitçini» uly hasap bilen ýeňdi

23:5803.09.2022
0
16349

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň öňdebaryjysy «Ahal» 8-nji tapgyrda hem uly hasaply ýeňiş gazandy. Mergen Orazowyň şägirtleri Balkanabat şäherinde ýerli «Nebitçini» 4:1 hasabynda ýeňdiler.

Duşuşykdaky gol perdesini 9-njy minutda «Ahalyň» ýarym goragçysy Resul Hojaýew açdy. 31-nji minutda Didar Durdyýew hasaby myhmanlaryň haýryna 2:0-a çykardy. Ýöne şondan 10 minut soňra «Nebitçi» Wladislaw Kopaýewiň goly bilen hasaby ýygyrdy. Birinji ýarymyň esasy wagtynyň goşmaça minutlarynda duşuşykda ikinji gezek tapawutlanan Didar Durdyýew «Nebitçiniň» hasaby deňlemäge bolan kiçijik umydyny has-da inçeltdi.

«Ahal» munuň bilen hem saklanmady. 85-nji minutda Resul Hojaýew toparyň ikinji pökgüsini hem geçirdi.

Şeýlelikde, utugyny 22-ä çykaran «Ahal» Ýokary liganyň şu möwsüminde 20 utuklyk sepgide ýetip bilen ilkinji topar boldy. 8 duşuşykda 3 utuk toplap bilen «Nebitçi» bolsa ýaryş tertibiniň düýbüne ymykly batdy.

9-njy tapgyrda «Nebitçi» 13-nji sentýabr güni «Şagadamyň» myhmany bolar. 14-nji sentýabrda bolsa «Ahal» «Altyn asyry» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň