Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI talyplarynyň rus we iňlis dillerini näderejede bilýändikleri barlanyldy

09:3204.09.2022
0
34995
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI talyplarynyň rus we iňlis dillerini näderejede bilýändikleri barlanyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty talyplaryň iňlis we rus dillerini näderejede bilýändiklerini barlamak üçin synag geçirdi.

«Gujurly Nesil» bilim merkezi tarapyndan guralan bu çärä uniwersitetiň birinji ýyl talyplary gatnaşdy.

Okuw merkeziniň wekilleri okuwçylaryň rus we iňlis dillerini näderejede bilýändiklerini barlamagy başardylar. Synag okuwçylaryň lingwistik ukyplaryny ýokarlandyrmaga we iň zehinli okuwçylary kesgitlemäge gönükdirildi.

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanda öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biridigini bellemelidiris. Bu ýerde geljekki diplomatlar, žurnalistler, ykdysatçylar, halkara gatnaşyklary we hukuk hünärmenleri taýýarlanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň