Türkmenistanyň U-20 futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky duşuşyklarynyň geçiriljek günleri belli boldy

20:0003.09.2022
0
18931

Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynda haçan, haýsy ýygyndy bilen duşuşjakdygy belli boldy.

Ýaşlar ýygyndymyz «D» toparçada Iordaniýanyň, Taýwanyň, Siriýanyň we Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndylary bilen güýç synanyşar. Saýlama ýaryşlar 10 ― 18-nji sentýabr aralygynda Iordaniýanyň Amman şäherinde geçiriler.

2023-nji ýylyň mart aýynda Özbegistanda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda saýlama tapgyryň 10-synyň ýeňijileri bilen birlikde ikinji orny eýelänleriň 5-si çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy ýaryşa ýer eýesi hökmünde gatnaşar.

Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyry. «D» toparça

Amman. Iordaniýa.

10-njy sentýabr

Siriýa — Taýwan
Türkmenistan — Demirgazyk Marian adalary

12-nji sentýabr

Demirgazyk Marian adalary — Siriýa
Türkmenistan — Iordaniýa

14-nji sentýabr

Taýwan — Türkmenistan
Iordaniýa — Demirgazyk Marian adalary

16-njy sentýabr

Taýwan — Demirgazyk Marian adalary
Siriýa — Iordaniýa

18-nji sentýabr

Türkmenistan — Siriýa
Iordaniýa — Taýwan.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň