«Roza Gül» Türkmenistanda geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň gül bezegi hyzmatyny hödürleýär

09:0203.09.2022
0
20698

Aşgabatdaky «Roza Gül» salonlar zynjyry sargyt edijiniň islegine görä, baýramçylyk çäreleriniň gül bezegini amala aşyrmak hyzmatyny hödürleýär.

Toý dabarasyny, ýubileý baýramçylygyny, resmi bolmadyk oturlyşygyny ýa-da ýakyn dostlaryňyz bilen asuda agşamlygy resmi taýdan bezemek üçin «Roza Gülüň» gülçi-hünärmenleri ter we çydamly gülleri hödürlärler: bägüller, liliýalar, orhideýalar, gortenziýalar, pionlar, hrizantemalar.

«Gül bezegleriniň kömegi bilen biziň hünärmenlerimiz üýtgeşik gurşawy we ýagdaýy dörederler, siziň baýramçylygyňyzyň özboluşlylygyny ýüze çykararlar. Gülleri ýerleşdirmek üçin dürli usullar bar: ýörite sütünler, güldanlar, diwardan asylýan kaşpolar, welcome-zolaklary we ş.m.» – diýip, «Roza Gülde» gürrüň berdiler.

Mysal üçin, dizaýnerler toý dabaralaryny gülli çyrajyklar (girlýandalar) we sütünler, basgançaklar üçin sazlaşykly kompozisiýalar hem-de bilelikdäki durmuşyň başlangyjyny we ajaýyp geljegi alamatlandyrýan ýürek şekilindäki girelge arkasy bilen bezeýärler.

Ajaýyp gül desseleri ýübileý dabarasynyň baýramçylyk stollaryna aýratyn bezeg berer.

Çagalaryň doglan günlerinde stollar süýjülikler bilen bezelende hem-de oýun meýdançalary üçin «Roza Gülüň» gülçüleri owadan reňkleri saýlamaga kömek ederler ýa-da siziň islegiňize görä ýumşak reňkli gülleri teklip ederler.

«Roza Gül» dükanlar zynjyry tutuş Türkmenistan boýunça sargytlary resmileşdirmek hyzmatyny hödürleýär.

Dükanlaryň salgylary we habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • Azady köç., 83-nji jaý, telefon: (+993 12) 92 47 82, (+993 63) 01 01 06;
  • Magtymguly köç., 185-nji jaý, telefon: (+993 12) 34 35 55;
  • Görogly köç., («Syýahat» myhmanhanasy), telefon: (+993 12) 34 44 33, (+993 63) 01 01 06;
  • Azady köç., 85-nji jaý, telefon: (+993 12) 93 27 42 (otag we köçe gülleri).

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň