Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi

22:3502.09.2022
0
16866

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Uwe Birhoffy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny bildirip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýän Germaniýanyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň hataryndadygy bellenildi.

Serdar Berdimuhamedow hem-de ilçi ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda halkara başlangyçlaryň özara goldanylmagynyň döwletlerimiziň üstünlikli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalydygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň bähbidine kybap gelýän hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi. Söwda-ykdysady ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Türkmenistanyň hem-de Germaniýanyň senagatyň dürli pudaklarynda, oba hojalygynda, bank, şeýle hem ulag-kommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy bellenildi. Germaniýanyň ençeme iri kompaniýalary türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýär. Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns çekildi. Saglygy goraýyş ulgamyndaky köpýyllyk türkmen-german hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr.

Ozal habar berşimiz ýaly, 23-nji awgustynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Uwe Birhoff Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň