Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenildi

21:4801.09.2022
0
15147
Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenildi

Şu gün Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2022-2023-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Bu barada türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Asylly däbe görä, güýz paslynyň ilkinji güni Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary üçin Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen başlandy.

Orta mekdeplerde, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly çäreler geçirildi. Olarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy.

Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyryldy.

Täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp, ýurduň ähli sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň açylmagy hakyky baýramçylyga öwrüldi.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň ýaşaýjylary hem şu gün täze binalary ulanmaga bermek dabaralarynyň şaýatlary boldular. Şol ýerde 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep we 320 orunlyk çagalar bagy açyldy. Ahal welaýatynyň Gökdepe şäherinde açylan çagalar bagy hem 320 orunlykdyr.

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Saganly obasynyň ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar gününi 600 orunlyk täze orta mekdebiň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabara bilen garşyladylar.

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde, Daşoguz şäherinde we Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Buýanly obasynda her biri 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň açylmagy uly baýramçylyga öwrüldi. Daşoguz şäherinde 240 orunlyk çagalar bagy hem ulanmaga berildi.

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary üçin-de bu baýramçylyk güni ajaýyp wakalara beslendi. Saýat etrabynyň Lebaby geňeşliginiň Guşçy obasynda 160 orunlyk çagalar bagy, şol etrabyň Esgi geňeşliginiň Gyzylgaýa obasynda 600 orunlyk orta mekdep açyldy.

Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň okuwçylary 500 orunlyk täze, döwrebap mekdepde bilim almak mümkinçiligine eýe boldular. Welaýatyň Hojadepe geňeşliginiň Çöňür obasynda bolsa 320 orunlyk çagalar bagy gapylaryny giňden açdy.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň her birinde körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-paýhas babatda hemmetaraplaýyn ösmegi we göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredildi. Dürli ýaşdaky çagalaryň toparlary üçin amatly oýun otaglary, owadan we oňaýly mebeller bilen üpjün edilen ýatakhanalar, çagalaryň bilim almagy üçin döwrebap ulgamlar bilen üpjün edilen okuw otaglary göz öňünde tutuldy.

Täze mekdeplerde hem okuwçylaryň sazlaşykly ösmegi, olaryň döredijilik ukyplarynyň, zehinleriniň açylmagy üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde sapaklary geçmek, terbiýeçilik işi, bedenterbiýe-sport we medeni çäreleri geçirmek, okuwçylaryň boş wagtyny netijeli guramak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň