Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin «Nemes dili» okuw kitabynyň 3-nji neşiri çap edildi

10:1025.11.2024
0
11222

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maslahat bermegi boýunça «Türkmen döwlet neşirýat» gullugy tarapyndan umumybilim berýän mekdepleriň 3-nji synpy üçin «Nemes dili (I daşary ýurt dili)» okuw kitabynyň 3-nji neşiri çap edildi.

M.Nurlyýewa, O.Garaýewa we O.Nuryýewa tarapyndan ýazylan bu okuw kitabynda «Meniň mekdebim», «Men we meniň töwerek-daşym», «Meniň hepdäm», «Bedeniň düzüm bölekleri», «Ýol hereketi», «Ýylyň pasyllary», «Wagt», «Meniň günüm» we «Meniň ýurdum» ýaly bölümler ba – diýip, bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Bu temalary özleşdirmek üçin niýetlenen okuw işleri we çäreler daşary ýurt dili okuw kursunyň esasy amallary boýunça geçiriler: olar diňlemek, gepleşik dili, barlag işleri, ýazuw we terjime.

Okuw kitaby okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, ýönekeýden çylşyrymly düzgünlere geçmek ýörelgesiniň esasynda, şeýle hem öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini netijeli ulanmak arkaly taýýarlanandyr.

Okuw kitaby owadan reňkli suratlar bilen bezelipdir.

Bu okuw kitaby boýunça nemes dilini öwrenmekligiň netijesinde okuwçylarda aşakdaky endikleri ösmelidir: diňlän zadyna düşünmek, okamak, ýazmak, berlen soraglara jogap bermek, belli temalar boýunça gürrüňi dowam etmek, sözlemleri terjime etmek, grammatiki we orfografiki düzgünleri ulanmak.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň