Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistandaky täze bellenilen ilçisini kabul etdi

21:5601.09.2022
0
20125

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşurmak bilen, döwlet Baştutanyna Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannisiň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutany şu ýyl Türkmenistanyň Ýewropadaky öňden gelýän hem-de möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Rumyniýa bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, şu döwrüň içinde iki ýurduň arasyndaky bilelikdäki işiň oňyn tejribesiniň toplanandygyny hem-de hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýadynyň döredilendigini kanagatlanma bilen nygtady.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, söhbetdeşler türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň möhüm ugurlary babatynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ählumumy durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm teklipleriň we başlangyçlaryň özara goldanylmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň dünýä giňişliginde, şol sanda halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde geljekde hem hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga özara gyzyklanmasy beýan edildi.

Döwlet Baştutany we ilçi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri barada aýtmak bilen, giň ugurlar boýunça, şol sanda energetika, söwda, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, himiýa hem-de ýeňil senagaty ýaly strategik ulgamlarda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly Türkmenistanda diplomatik işine başlamagy bilen ýene bir gezek gutlady we oňa döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda jogapkärli wezipesini ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, 23-nji awgustda Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Ion Nawal Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň