Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: 5 golly duşuşykda «Ahal» «Aşgabady» ýeňdi

20:4531.08.2022
0
16536

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Ahal” “Aşgabat” topary bilen duşuşdy. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini has ýerlikli peýdalanan “Ahal” 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy.

Gazanan bu ýeňşinden soň utugyny 19-a ýetiren Mergen Orazowyň tälim berýänleri ýaryş tertibinde birinji orny eýelemeklerini dowam edýärler. 3 utugy bolan “Aşgabat” 7-nji orunda ornaşdy.

Ýeri gelende bellesek, 7-nji tapgyryň çäginde 30-njy awgustda geçirilen duşuşyklarda “Altyn Asyr”, “Merw” hem-de “Köpetdag” toparlary ýeňiş gazandylar.

Geçirilen duşuşyklardan soň 15 hem-de 13 utukdan toplan “Altyn Asyr” bilen “Merw” toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýeleýärler.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň duşuşyklary 2-nji hem-de 3-nji sentýabrda geçiriler: “Merw” – “Köpetdag”, “Energetik” – “Altyn Asyr”, “Nebitçi” – “Ahal”, “Aşgabat” – “Şagadam”.

7-nji tapgyryň duşuşygy:

“Aşgabat” – “Ahal” – 2:3
Gollar: 65 Döwran Berdiýew, 84 (11 m.j.u.) Merdan Muhadow (“Aşgabat”) – 8 Abdy Bäşimow, 45 Mirza Beknazarow, 82 Meýlis Diniýew (“Ahal”)
Duýduryşlar: 56 Döwran Berdiýew, 64 Amir Gurbany, 90+1 Batyr Täçnazarow (“Aşgabat”) – 83 Resul Çaryýew, 90 Abdy Bäşimow (“Ahal”)
Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), I.Kurambaýew (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň