Dakka Moskwadan bugdaýyň 500 müň tonnasyny satyn alar, özem onuň üçin dollarda hasaplaşmakçy. Bu barada «Reuters» habarlar gullugy Bangladeş Respublikasynyň Hökümetindäki çeşmelere salgylanyp habar berdi diýip, «Trend» ýazýar.
Neşiriň habaryna görä, Respublikanyň hökümeti rus tarapy bilen ýene birnäçe günden geleşik baglaşmakçy. Şunda Bangladeş bugdaýyň her tonnasy üçin 430 amerikan dollaryny tölär.
«Reutersiň» bellemegine görä, bugdaý Bangladeşe 2023-nji ýylyň ýanwaryna çenli birnäçe tapgyrda eltiler.
Bangladeş dünýäde bugdaýy satyn alyjy iri döwletdir. 2021-nji ýylyň iýunyna çenli bu ýurt her ýyl 5,4 million tonna bugdaýy daşary ýurtlardan, esasan, Russiýadan, Hindistandan we Ukrainadan satyn alýardy.