Soňky habarlar

Arhiw

«UlagExh» gurnama ýükleri daşamak hyzmatyny hödürleýär

10:2230.08.2022
0
21280

«UlagExh» ulag-ekspeditorçylyk kompaniýasy ulagyň dürli görnüşlerinde gurnama ýükleri Türkmenistanyň islendik nokadyna we daşary ýurtlara daşamak hyzmatyny amala aşyrýar.

Kompaniýanyň hünärmenleri gurnama ýükleri ibermegiň meýilnamasyny gysga möhletde we ýokary derejede kesgitlemäge ýardam bererler, şonuň bilen birlikde birnäçe müşderileriň dürli göwrümli ýükleri bir ulag serişdesi arkaly daşalýar. Gurnama ýükleri daşamak köplenç awtobusda ýa-da uçarda syýahat etmek bilen deňeşdirilýär, çünki olarda diňe öz ornuň üçin tşleg geçirilýär.

Ýatlatsak, «UlagExh» müşderileriň talaplaryny kanagatlandyrjak ulag-logistika hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini hödürleýär. Geografiki ýagdaýa we pudaklaýyn degişlilige garamazdan, kompaniýa öz iş strategiýasyny bellenen möhlete, göwrüme we sargydyň aýratynlyklaryna görä alyp barýar.

Şeýle-de «UlagExh» Türkmenistanyň çäklerinde bolşy ýaly, ýurduň serhetlerinden daşarda hem üstaşyr wizalary resmileşdirmek meseleleri boýunça maslahatlary berýär.

Amatly nyrh syýasaty kompaniýa arzanladyşlary geçirmäge we müşderilere hyzmat edilende özboluşly çemeleşmäge mümkinçilik döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň