Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýygyndysy Russiýada sambo boýunça geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

09:5330.08.2022
0
11755

Sambo boýunça türkmen ýygyndysy ýene bir iri ýaryşa ykjam taýýarlykly barýar. Russiýanyň Kstowo şäherinde boljak okuw-türgenleşik ýygnanyşygy türkmen samboçylaryny has-da taplar, olaryň kämilleşmeginiň girewine öwrüler.

10-11-nji sentýabrda bolsa sambo boýunça türkmen topary «Sambony esaslandyryjylaryň kubogy» diýen at bilen guraljak halkara ýaryşda çykyş eder. Bu ýaryş Moskwa şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçiriler. Halkara ýaryşa gatnaşmak üçin Moskwada boljak sambo boýunça Türkmenistanyň ýygyndysyna 34 türgeniň agzalyk etmegine garaşylýar. Şeýle-de ýygyndy toparymyzyň iki tälimçisiniň türkmen toparyna wekilçilik etmegi meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň