Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýada saparda bolmagyna garaşylýar

22:2529.08.2022
0
21583

Habar berşimiz ýaly, şu gün telefon arkaly Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň IV derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» diýen orden bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlady. Şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda ýola goýlan dostluk gatnaşyklaryna we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berildi. Şeýle-de türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýan parlamentara gatnaşyklarda iki döwletiň kanunçykaryjy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada maslahatlaşyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň IV derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin, W.Matwiýenko minnetdarlyk bildirdi.

Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa resmi sapar bilen barmagyna garaşýandyklaryny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda özara gyzyklanma bildirilýän sowallar boýunça hem pikir alşyldy.

Ýeri gelende bellesek, Wladimir Putin 2017-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabada sapar bilen gelende, Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň döwletara sylagy – «Aleksandr Newskiý» adyndaky ordenini gowşurdy. Gurbanguly Berdimuhamedow, öz gezeginde, iki ýurduň arasyndaky köp ýyllyk dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandy üçin, Prezident Wladimir Putini Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagy – «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandygy üçin» atly ordeni bilen sylaglady.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň