Soňky habarlar

Arhiw

Matwiýenko Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlady

21:4229.08.2022
0
19216

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, W.Matwiýenko Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň IV derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlap, rus Lideri Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlag sözlerini ýetirdi.

Russiýanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy söhbetdeşligiň dowamynda russiýa-türkmen döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda we strategik hyzmatdaşlygy has-da ýokarlandyrmakda Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goşandynyň bolandygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň ýokary ýolbaşçylaryna we halkyna salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de Russiýa Federasiýanyň döwlet sylagynyň berilendigi üçin, Prezident Wladimir Putine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu sylagy köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň bilelikde geçen döredijilikli ýoluna berlen ýokary baha we şol ýoluň ykrar edilmegi hökmünde kabul edýändigini nygtady.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda parlamentara gatnaşyklarda ýola goýlan hyzmatdaşlyk dogrusynda hem pikir alşyldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, 26-njy awgustda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy IV derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglamak baradaky resminama gol çekipdi.

«Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagydyr. Ol Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 2-nji martyndaky Buýrugy bilen döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň