Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Güýç Garaýew işini tamamlady

20:2229.08.2022
0
17699
Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Güýç Garaýew işini tamamlady

Russiýa Federasiýasynyň Astrakhan sebitiniň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow şu gün Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Güýç Garaýew bilen duşuşdy. Bu barada Astrahan sebitiniň Daşary gatnaşyklar ministrliginiň resmi web sahypasy habar berdi.

Diplomat, täze wezipä bellenilmegi sebäpli Astrahan sebitindäki işini tamamlaýar.

Wladimir Golowkow Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkiniň adyndan Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebiti bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge goşan goşandy üçin Güýç Garaýewe minnetdarlyk bildirdi.

«Işjeň gatnaşmagyňyz bilen Astrahan sebitiniň wekiliýeti Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde saparda bolup, ýurduň Pezidenti we Ministrler Kabinetiniň agzalary bilen netijeli gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikleriň netijelerine görä, ýakynda türkmen wekiliýeti söwda, logistika we gämi gurluşygy meselelerini ara alyp maslahatlamak üçin Astrahana sapar bilen geldi» diýip, Wladimir Golowkow belledi.

Şeýle-de ynsanperwer ugurda Astrahan sebiti bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürildi. Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, Astrahan we Türkmenbaşy şäherleri doganlaşan şäherlere öwrüldiler we bu ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berdi.

Wladimir Golowkow Güýç Garaýewiň Astrahan sebiti bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandyny nygtap, diplomata täze işinde uly üstünlik arzuw etdi.

Güýç Garaýew, Astrahan sebitiniň gubernatoryna bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde berlen goldaw üçin çuňňur minnetdarlyk bildirip, bu barada şeýle diýdi: «Astrahan sebiti Türkmenistan üçin ýakyn dost we ygtybarly hyzmatdaşdyr. Astrahanyň örän myhmansöýer halky bar. Men muňa sebitiňizde işlän ýyllarymda has anyk göz ýetirdim. Eger-de şeýle mümkinçilik dörese, Astrahana uly höwes bilen gelmäge çalşaryn».

Ýeri gelende bellesek, Güýç Garaýew 2020-nji ýylyň maý aýyndan bäri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly wezipesini ýerine ýetirip gelýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň