Türkmenistanyň paýtagtynda Görogly köçesi bilen Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň çatrygynda ýol gurluşyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýollaryň asfaltyny täzelemek boýunça işler geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Görogly, Nurmuhamet Andalyp köçeleriniň, Bitaraplyk şaýolunyň, şeýle hem Saparmyrat Türkmenbaşy, Magtymguly şaýollarynyň, Çary Nurymow köçesiniň belli ýerleri wagtlaýynça ýapyldy.
Bejeriş we timarlaýyş işleri sebäpli şäheriň jemgyýetçilik ulaglarynyň ugry hem wagtlaýyn üýtgedi. «Duralga» onlaýn platformasynyň üsti bilen şäheriçi awtobus hereketine gözegçilik edip bilersiňiz.
Şeýle-de, okaň:
Wideony görüň:
Ýüklemek: