Serdar Berdimuhamedow özbek wekiliýetiniň agzalaryny kabul etdi

21:5526.08.2022
0
23248

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän türkmen-özbek geňeşmelerine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji W.Norowy we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili A.Kamilowy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili hem-de dostlukly ýurduň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji ikitaraplaýyn we sebitleýin gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda özara bähbitli gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmek üçin uly geljegiň we giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow we myhmanlar birek-birege hormat goýmak, deňhukukly we ikitaraplaýyn bähbitler nazara alnyp ýola goýulýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň