Turkmenportal logo
26.08.22
2286022860
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 135-nji orundaky ýerini saklap galdy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 135-nji orundaky ýerini saklap galdy

Düýn ― 25-nji awgustda FIFA erkekler milli ýygyndylarynyň arasyndaky reýting sanawyny täzeledi. Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy täzelenen sanawda 135-nji orundaky ýerini gorady.


Türkmen futbolçylary Filippinleriň ýygyndysyndan bir basgançak yzda, Rwandadan bolsa bir basgançak ýokardadyr.


Sanawyň ilkinji 10-lugynda hiç hili üýtgeşme ýok. Öňdäki 10-lugy Braziliýa, Belgiýa, Argentina, Fransiýa, Angliýa, Ispaniýa, Italiýa, Niderlandlar, Portugaliýa, Daniýa eýeleýär.


5-nji awgustda Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysynyň taryhynda ilkinji gezek FIFA-nyň reýtingine girip bilendigini ýatladýarys. Gurama şondan soň heniz zenanlar ýygyndylarynyň reýtingini täzelänok.